ABŞ PÝD-ä göniden ýarag kömegini bermekden ýüz öwürdimi?

Waşington Post gazeti Türkiýäniň syýasy basyşy we PÝD bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyk sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini ýazdy

601855
ABŞ PÝD-ä göniden ýarag kömegini bermekden ýüz öwürdimi?

ABŞ-nyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-ä göniden ýarag kömegini bermekden ýüz öwürendigi öňe sürülýär.

PÝD-ä göniden ýarag kömegini bermegi göz öňünde tutýan Amerikan hökümetiniň Türkiýäniň basyşy sebäpli şol kararyndan ýüz öwürendigi nygtalýar.

Waşington Post gazeti Türkiýäniň syýasy basyşy we PÝD bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyk sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini ýazdy.

Gazet mundan başgada Amerikaly harby ýolbaşçylaryň Türkiýä garşy hereket etmezlikleri barada PÝD-ä duýduryş berendigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: #PKK , #PÝD , #Post , #gazet , #ABŞ

Degişli Habarlar