Awstriýanyň hökümeti Gitleriň doglan öýüni ýykar

Awstriýanyň hökümeti nasistleriň lideri Adolf Gitleriň 1889-njy ýylyň 20-nji aprelinde doglan öýüni ýykmak barada karar kabul etdi

591685
Awstriýanyň hökümeti Gitleriň doglan öýüni ýykar

Ýokary Awstriýa ştatynyň Braunau etrabynda ýerleşýän öýüň ýykylmagyndan soň ýerine guruljak binanyň ynsanperwer kömek guramalaryna ýa-da jemgyýetçilik hyzmatlary üçin berilmegi meýilleşdirilýär.

Eýesi Gerlinde Pommeriň satuwa razylyk bermeýändigi sebäpli öý döwlet eýeçiligine degişli ediler.  

İçeri işler ministri Wolfgang Sobotka öýüň döwlet eýeçiligine geçirilmegi baradaky kanunyň golaýda Mejlisiň garamagyna hödürlenjekdigini aýtdy.

Ýolbaşçylar Gitlerin doglan öýüniň neo-nasistler tarapyndan mukaddes ýer hökmünde görülmeginden we zyýaratçylaryň gelmeginden biynjalyk.

Neo-nasistler bolsa mukaddes ýer hökmünde görülýän öýüň ýykylmagyna garşy durýar.

Germaniýanyň ozalky kansleri we nasistleriň lideri Adolf Gitler 1889-njy ýylyň 20-nji aprelinde Ýokary Awstriýa ştatynyň Braunau etrabyndaky öýde doglup, 3 ýaşyna çenli şol öýde ýaşapdy.



Degişli Habarlar