Bagdatda kamikaze hüjümi

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

590630
Bagdatda kamikaze hüjümi

Yragyň paýtagty Bagdatda guralan kamikaze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Berilen beýanata görä Bagdadyň Jadiriýýe etrabynda Kerbela wakasyny hatyralamak üçin dikilen çadyra kamikaze hüjümi guraldy.

Paýtagt Bagdadyň Şaab etrabynda 2 gün ozal hem Hz Hüseýiniň we ýanyndakylarynyň şehit edilmeginiň 1377 ýyly mynasybetli geçirilen hatyralama çäresinde hem kamikaze hüjümi guralypdy.

Terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan hüjümde 25 adam ýogalypdy, 38 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar