Singapur Awstraliýada harby baza gurar

Singapur Awstraliýada öz territoriýasyndan 10 esse uly harby baza gurar

589119
Singapur Awstraliýada harby baza gurar

Awstraliýanyň we Singapuryň arasynda Giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Şertnama Singapuryň Premýer ministri Lee Hsien Loongyň Awstraliýa guran resmi saparynyň çäginde gol çekildi.

Iki ýurt Giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäginde neşe maddalaryna garşy göreş, goranyş, söwda, bilim we tehnologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirerler.

Şoňa laýyklykda her ýyl 14 müň singapurly esger Awstraliýanyň demirgazygyndaky Kuinsland ştatynda ýerleşýän Şolwater aýlagynda we Townswillde guruljak bazada tälim alar.



Degişli Habarlar