Russiýa ABŞ bilen baglaşylan plutoniý şertnamasyny saklady

Iki ýurt 2000-njy ýylda plutoniý ätiýajynyň azaldylmagy hakynda şertnama baglaşypdy

582216
Russiýa ABŞ bilen baglaşylan plutoniý şertnamasyny saklady

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda baglaşylan plutoniý şertnamasynyň saklanmagyny göz öňünde tutýan karary tassyklady.

ABŞ-nyň Russiýa garşy duşmançylykly hereketleri we durnuklylyga howp salýandygy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Iki ýurt 2000-njy ýylyň 29-njy awgustynda plutoniý ätiýajynyň azaldylmagy hakynda şertnama baglaşypdy.

 


Etiketkalar: #şertnama , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar