Moskwada bolan ýangynda 8 adam ýogaldy

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

575619
Moskwada bolan ýangynda 8 adam ýogaldy

Russiýanyň paýtgaty Moskwada plastiki harytlaryň saklanýan ammarynda ýüze çykan ýangynda wakanyň bolan ýerine baran 8 ýangyn söndüriji ýogaldy.

Russiýanyň Gyssagly ýagdaýlar ministrliginiň berýän habaryna görä Moskwa şäheriniň gündogarynda ýerleşýän ammarlaryň birinde giýje ýangyn ýüze çykdy.

Ammaryň içindäki plastik harytlaryň ýanmagy bilen gysga wagtda ulalan ýangyn 4 müň inedördül metr ýere ýaýrady.

Irden gözegçilik astyna alynan ýangynda 8 ýangyn söndüriji ýogaldy.

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar