ABŞ Erdoganyň uçuşa gadagan zolak baradaky teklibine goldaw berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada tankydy sebitlerde uçuşlaryň çäklendirilmegini isledi

574829
ABŞ Erdoganyň uçuşa gadagan zolak baradaky teklibine goldaw berdi

Kerri BMG-da guralan Siriýa maslahatynda uçuşa gadagan zolak meselesiniň üstünde durup geçdi we kanuny oppozisiýa bilen Al Nusranyň we DAEŞ-iň arasynda tapawut goýulmagyny isledi.

Siriýada harby uçarlaryň kanuny oppozisiýanyň gözegçiligi astyndaky ýerlerde uçmaklaryny çäklendirmek mümükinçiliginiň bardygyny aýdan Kerri: “Uçuşlara çäklendirme getrimelidiris. Bu hereket Asada bagly güýçleriň Al Nusra bilen söweşýärin bahanasy bilen asuda ilata hüjüm guramagyň öňüni alar. Hemmämiz bilelikde iň gysga wagtda tankydy ýerlerdäki howa ulaglarynyň ýere gonmagyny we ynsanpewer kömekleriň yzygiderli ýetirilmegini üpjün etmelidiris” diýdi.

Kerri Russiýa Asada bagly güýçleriň harby uçarlarynyň uçmagyna böwet bolmagy barada çagyryş berdi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň ynsanperwer işgärlerine we asuda ilata garşy guraýan hüjümlerine nägilelik bildiren Kerri çaknyşyklaryň bes edilmegi barada baglaşylan ylalaşyga garamazdan guralan howa hüjümleriniň netijesinde Halap şäheriniň golaýynda saglygy goraýyş bölüminiň 4 işgäriniň ýogalandygyny we bu sebitde harby uçarlary uçýan diňe 2 ýurduň Russiýanyň we Siriýanyň bardygyny belledi.



Degişli Habarlar