"Ynsanperwer kömegi siriýaň halkyna ýetirilýänçä Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmeris"

BMG-na degişli 40 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Türkiýe-Siriýa serhedinde garaşýar

571912
"Ynsanperwer kömegi siriýaň halkyna ýetirilýänçä Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmeris"
suriye yardım.jpg

Siriýada 12-nji sentýabrda güýje giren 9 günlük ylalaşykdan soň çaknyşyklar umuman alnanda bes edildi.

Emma Asada tabynlykdaky güýçler käbir etraplara ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat bermeýär.

BMG-na degişli 40 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Türkiýe-Siriýa serhedinde garaşýar.

BMG-nyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär ýolbaşçysy Žens Laerke ynsanperwer kömek konteýnerleriň ýurda girmegine rugsat bermändigi sebäpli Siriýanyň hökümetine garşylyk görkezdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň möhlediň ýene-de 72 sagat uzadylmagy üçin BMG-na çagyryş berdi.

Emma ABŞ ynsanperwer kömek konteýnerlerine rugsat berilmändigi sebäpli Russiýa garşylyk görkezdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kerri ynsanperwer kömekleri sebitiň halkyna ýetirilýänçä Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmejekdiklerini aýtdy.

Başdan geçirlen soňky wakalar sebäpli BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy hakyndaky Siriýa maslahat yza süýşürildi.

 



Degişli Habarlar