Ýaponiýada Lionrok tupany sebäpli 11 adam ýogaldy

Sebitden 170 müňden gowrak adam howpsyz ýerlere göçürildi

562629
Ýaponiýada Lionrok tupany sebäpli 11 adam ýogaldy

Ýaponiýanyň Iwate sebitinde tupan sebäpli emele gelen ýer süýşmelerinde garrylar öýünde 9 adam ýogaldy.

Şol bir şäherçeden geçýän Omotogawa derýasynyň kenarynda 1 erkek adamyň, Kuži şäherinde bolsa bolsa garry zenan maşgalanyň jesetleriniň tapylmagy bilen wakada ýogalan adamlaryň sany 11 adama ýetdi.

Hokkaido adasynda bolsa 3 adam dereksiz ýitdi.

Elektrik tok geçirjilerine zeper ýetmegi sebäpli 10 müňden gowrak öý elektriksiz galdy. Ençeme otly sapary goý bolsun edildi.

Sebitden 170 müňden gowrak adam howpsyz ýerlere göçürildi.

Suwuň derejesi ýokarlamaga dowam edýän ýeri bolan Hokkaido adasynda tolkunlaryň 7 metr beýiklige çenli baryp ýetmegi resmileri aladalandyrýar.



Degişli Habarlar