Türkiýäniň Daşary işler ministri Gresiýada saparda boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýa Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda Türkiýede demokratiýa beren goldawy sebäpli sag bolsun aýtdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Gresiýada saparda boldy

Mewlüt Çawuşogly ýaragly agdalyşyk synanyşygyndan soň, Ýewropadaky ilkinji saparyny Gresiýa gurady.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Kokiasyň çakylygyna laýyklykda Krit adasyna giden Çawuşogly kärdeşi bilen ol ýerde geçiren resmi däl duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Gresiýanyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanyşygyna garşy eýelän pozisiýasynyň türk halkyny örän begendirendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň 15-nji iýulda başyndan geçiren wakalary Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Gresiýanyň we grek halkynyň iň gowy göz ýetirjekdigini mälim etdi.

Kiprde geçirilýän gepleşikleriň üstünde durup geçen Çawuşogly: “Çözgüt üçin bildirilýän tagallalara goldaw berýäris” diýdi.

Grek ministr Kokias bolsa Çawuşogly bilen geçiren duşuşygynyň iki ýurt taýdan we sebit üçin wajypdygyny habar berdi.

15-nji iýuldaky wakalar barada hem durup geçen Kokias: “Grek halkynyň bu babatda Türkiýe berýän goldawyny özüne aýtdym” diýip belledi.

Gresiýa gaçyp baran agdarlyşykçy esgerler barada bolsa Kokias esgerleriň harby agdarlyşyga nähili derejede gatnaşandyklary anyklananyndan soň, Gresiýanyň kazyýetiniň grek we Ýewropa hukugyna görä karar berjekdigini nygatdy.

Gresiýa gaçyp baran 8 esgeriň derňew işleriniň 2 günüň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar