Halidiýýe sebiti terror guramasy DAEŞ-den saplandy

Yragyň Ýaragly güýçleri Siriýa, Iordaniýa we Saud Arabystanyna serhetdeş bolan Anbar welaýatynyň terror guramasy DAEŞ-den sapalanmagy üçin şaýy toparlardan we sünni taýpalardan goldaw alýar

560603
Halidiýýe sebiti terror guramasy DAEŞ-den saplandy

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al-Abadi ýurdunyň günbataryndaky Anbar welaýatynyň Jeziretul Halidiýýe sebitiniň terror guramasy DAEŞ-den dolulygyna saplanandygyny we operasiýalaryň tamam bolandygyny habar berdi.

Abadi beren ýazmaça beýanatynda: “Eziz halkyma Halidiýýe operasiýasynyň tamam bolandygyny mälim edýärin” diýdi.

Jeziretul Halidiýýe sebitiniň dolulygyna DAEŞ-den sapalanandygyny, köp sanda terrorçynyň öldürilendigini we guramanyň uly ýitgiler çekendigini aýdan Abadi Yragyň halkyny ýeňiş bilen gutlady.

Yragyň Ýaragly güýçleri Siriýa, Iordaniýa we Saud Arabystanyna serhetdeş bolan Anbar welaýatynyň terror guramasy DAEŞ-den sapalanmagy üçin şaýy toparlardan we sünni taýpalardan goldaw alýar.



Degişli Habarlar