Italiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 240 adamdan geçdi

Ýer titremesinde 370 adam hem ýaralandy

558798
Italiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 240 adamdan geçdi

Italiýada bolan 6,2 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 240 adamdan geçdi.

Ýer titremesinde 370 adam hem ýaralandy.

Ýeriň 10 kilometr aşagynda bolan we 20 sekunt dowam eden ýer titremesi paýtagt Rimde hem täsirli boldy.

Ýer titremesinde Amatriiçe, Akkumoli we Arkuata Del Turonto etrapçalarynyň esasy bölegi ýykyldy.

Ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Harabalygyň aşagynda köp sanly adamyň bardygy nygtalýar.

Hünärmenler ýer titremesinden soň dowam edýän kiçi ýer sarsgynlary meselesinde halka duýduryş berýär.

Premýer ministr Matteo Renzi ýogalan adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanylmagynda kynçylygyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Beýleki tarapdan Italiýada ýer titremesi sebäpli milli ýas yglan edildi.

 



Degişli Habarlar