Litwanyň Daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygyndan soň Ýewropa Bileleşiginden Türkiýä Daşary işler ministri derejesinden ilkinji sapar guralar

556471
Litwanyň Daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Litwanyň Daşary işler ministri Linas Linkewikius şu gün Türkiýä resmi sapar gurar.

Litwanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda ministr Linkewikiusyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşjakdygy bellenip, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk, Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, Warşawada geçirilen NATO sammiti, Russiýa bilen gatnaşyklar, Ukrainadaky soňky wakalar, Siriýa meselesi we gün tertibiniň ileri tutulýan beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygy mälim edildi.

Beýanatda litwaly ministriň Türkiýä gurajak saparynyň çäginde agdarlyşyk synanyşygynda uly zeper ýeten TBMM-niň binasyna baryp görjekdigi habar berilýär.

Linkewikius ozal Türkiýäniň Litwadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aýdan Ýamanjan bilen duşuşyp, agdarlyşyk synanyşygyny ýazgarýandygyny we Türkiýä goldaw berýändigini belläpdi.



Degişli Habarlar