Eýranyň Huzistan welaýatynda 3 adam asylyp öldürildi

Eýranyň Huzistan welaýatynda terrorçylykly hüjüm guramak builen aýyplanan 3 adam asylyp öldürildi

554377
Eýranyň Huzistan welaýatynda 3 adam asylyp öldürildi

Ýurduň tanymal gazetlerinden biri bolan Keýhanyň berýän habaryna görä Huzistan welaýatynyň merkezi Ahwaz şäheriniň Hamidiýe etrabynda terrorçylykly hüjüm guramak bilen aýyplanan 3 adam asylyp öldürildi.

Ahwaz şäherinde 2015-nji ýylyň 2-nji aprelinde polisiýa bölümine guralan ýaragly hüjümde 3 polisiýa işgäri ýogalypdy, 2 polisiýa işgäri ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar