Jo Baýden Türkiýä sapar gurar

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Türkiýä sapar gurar

551359
Jo Baýden Türkiýä sapar gurar

Ak Tam tarapyndan berilen ýazamaça beýanatda Baýdeniň 22-25-nji awgusta aralygynda Latwiýa, Türkiýä we Şwesiýa sapar gurajakdygy habar berilýär.

Beýanatda: “Jo Baýden Türkiýä gurajak saparynyň çäginde Prezident R.T. Erdogan we Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşyp, ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryny we iki ýurt üçin wajyp bolan beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşar” diýilýär.

Baýdeniň Latwiýa we Şwesiýa gurajak saparynyň çäginde hem ýokary derejeli duşuşyklar geçirjekdigi beýanatda mälim edilýär.



Degişli Habarlar