Türk halkyna Nobel parahatçylyk baýragy berilmeli

Nemes žurnalist türk halkyna Nobel parahatçylyk baýragynyň berilmelidigini aýtdy

545596
Türk halkyna Nobel parahatçylyk baýragy berilmeli

Türk halkyna Nobel parahatçylyk baýragy berilmeli.

Nemes žurnalist Martin Ležeune türk halkyna Nobel parahatçylyk baýragynyň berilmelidigini aýtdy.

Türkiýä gelip 15-nji iýul gijesi Fetullahçy terror guramasy-Parelel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň agdarlyşyk synanşygy sebäpli çekilen ýitgini ýerine gören nemes žurnalist, Günbatarly kärdeşleriniň Türkiýede başdan geçirlen wakalara doly göz ýetirip bilmeýändigini nygtady.

Prezident R. T. Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda ýekşenbe güni Stambulda 5 million adamyň gatnaşmagynda geçiriljek Demokratiýa mitinginiň Günbatarly ýurtlar üçin uly pursatdygyny aýdan Ležeune, “Germaniýanyň raýaty hökmünde Federal Kanslerim Angela Merkelden Stambulda geçiriljek mitinge gatnaşmagyny haýyşt edýärin. Bu onuň türk halkyna sarpa goýýandygyny we türk halkynyň demokratiýa nobatyna goldaw berýändigini görkezer”diýdi.

Türk halkynyň agdarlyşyk gijesi demokratiýa üçin tanklaryň öňünde böwet bolmagynyň we terrorçylaryň maksatlaryna ýetmeginiň öňüni almagynyň özünde çuňňur yz galdyrandygyny aýdan Martin Ležeuneu, “Türk halkynyň gahrymanlygyny fransuz agdarlyşygyna meňzedýärin. Demokratiýa eýe çykdylar we şol sebäpli hem türk halkyna nobel parahatçylyk baýragy berilmeli”diýip belledi.

Nemes žurnalist Martin Ležeune Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygyna günbataryň çemeleşmesini hem tankyt etdi.

Ležeune Türkiýäniň 81 şäherinde her gije Demokratiýa nobatynyň dowam edýändigini we Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň muny görmezlikden gelýändigini çünki Türkiýäni demokratiýa taýdan ösen yslam ýurdy hökmünde görmek islemeýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar