Owganystanyň demirgazygy dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduz welaýatynda howpsyzlyk güýçler tarapyndan geçirilen operasiýalarda Talibana agza 5 terrorçy öldürildi

544812
Owganystanyň demirgazygy dartgynly bolmagynda galýar

Kunduz welaýatynyň Içeri işler müdüri Muhammed Kasim Jengelbag howpsyzlyk güýçleriniň Kunduz welaýatynyň Kalei Zal etrabynda öldürilen başbozarlaryň arasynda guramanyň wajyp serkerdeleriniň biriniň bardygyny mälim etdi.

Ölen terrorçylaryň biriniň bolsa Pakistanyň raýatydygyny bellän Jengelbag sebitde operasiýalaryň dowam edýändigini habar berdi.

Taliban bolsa waka bilen baglanşykly entek beýanat bermedi.



Degişli Habarlar