Güleniň yzyna berilmegi üçin gol goýanlaryň sany 78 müňden geçdi

17-nji iýulda “Hökümetimiziň Fetullah Gülen üçin ynamdar port bolmagyny islemeýärin we Güleni Türkiýä yzyna bermegini isleýärin” diýlen kampaniýa başladyldy

543217
Güleniň yzyna berilmegi üçin  gol goýanlaryň sany 78 müňden geçdi

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin Ak Tamyň resmi internet saýtynda başladylan gol ýygnama kampaniýasyna gol goýanlaryň sany 78 müňden geçdi.

ABŞ-da ýaşaýan türkler Ak Tamyň resmi internet saýtynda FETÖ-nyň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi üçin başladylan kampaniýanyň çäginde 100 müň goluň ýygnalmagyna garaşylýar.

17-nji iýulda “Hökümetimiziň Fetullah Gülen üçin ynamdar port bolmagyny islemeýärin we Güleni Türkiýä yzyna bermegini isleýärin” diýlen kampaniýa başladyldy.

Kampaniýanyň tekstinde “15-nji iýul güni Türkiýäniň demokratik ýagdaýda saýlanan hökümetini agdarmak üçin synanşyk edildi. Şol günden bäri synanşygyň jogapkäriniň Fetullah Gülen we onuň FETÖ terror guramasyna hyzmat edýän kiçi harby topardygy ýüze çykdy. Türkiýe biziň Ýakyn Gündogardaky esasy hyzmatdaşymyzdyr. Gülen bolsa Türkiýedäki hyzmatdaşlarymyz tarapyndan terrorçy hökmünde yglan edildi. Dostlarymyz türk halkynyň tutanýerli tutumy netijesinde Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygynyň öňü alyndy. ABŞ hökmünde demokratik ýagdaýda saýlanan ýolbaşçylar we hökümetler bilen işleşmegi üçin Prezidentimizi we hökümetimizi razy etmek üçin maňa kömek bermegiňizi haýyşt edýärin. Hökümetimiziň Fetullah Güleni Türkiýä yzyna bermegini isleýärin”diýildi.

Ak Tamyň internet saýtyndaky “arza” bölüminden "petitions.whitehouse.gov"  salgysyndan kampaniýa goldaw berip bilersiňiz

 



Degişli Habarlar