ABŞ-da howa ballony pajygasy

Wakada 16 adam ýogaldy

541412
ABŞ-da howa ballony pajygasy

Amerikanyň Tehas ştatynda bolan howa ballony (howa şary) pajygasynda 16 adam ýogaldy.

Gyzgyn howa ballony Austin şäheriniň günortasyndaky Lokhart diýilen ýerde ýanyp ýere gaçdy.

Wakada ballonyň içindäki hiç bir adam halas bolup bilmedi.

Polisiýa gullugy ýanan adamlaryň şahsyýetleriniň anyklaýyş işleriniň dowam etdirilýändigini mälim etdi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar