ABŞ-nyň Merkezi Serkerdeliginiň serkerdebaşysy Ýozef Wotel aýdan sözlerinden dändi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogany agdarlyşyk synanyşygyndan soňky pozisiýasyny tankyt eden  ABŞ-nyň Merkezi Serkerdeliginiň serkerdebaşysy Ýozef Wotel sözlerinden dändi

540686
ABŞ-nyň Merkezi Serkerdeliginiň serkerdebaşysy Ýozef Wotel aýdan sözlerinden dändi

Wotel ozal Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň Türkiýedäki harby agdarlyşyk synanyşygy bilen arabaglanşygy bardygy baradaky beýanatlaryň nädogrydygyny aýdypdy.

Ýozef Wotel indi bolsa Türkiýäniň ençeme ýyl bäri adatdan daşary we örän wajyp hyzmatdaşdygyny belläp, terror guramasy DAEŞ-e garşy söweşde hyzmatdaşlyk etmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny habar berdi.

Woteliň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygy  üçin göz tussaglygyna alynan agdarlyşykçylary “Gatnaşykda bolan generallerimiz” diýip teswir etmegi başda Prezident R.T. Erdogan bolmak bilen türk syýasylar tarapyndan reaksiýa bildirilipdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Ýozef Dunford 31-nji iýulda Türkiýä geler.

Amerikaly generalyň paýtagt Ankarada geçirjek gepleşikleriniň çäginde Ýozef Woteliň sözleriniň hem gün tertibe getirilmegine garaşylýar.

General Dunford Ankaradaky saparyndan soň Adana welaýatyndaky Injirlik howa bazasyndaky amerikan esgerleriň ýanyna barar.

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy general Hulusi Akar geçen hepde Ýozef Dunford bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, FETÖ terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna tabşyrylmagy barada kömek bermegini isläpdi.



Degişli Habarlar