"ABŞ-nyň FETÖ/PDÝ-niň Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy bilen hiç hili arabaglanşygy ýok"

“Türkiýe diňe hyzmatdaşymyz däl eýsem şol bir wagtda dostumyzdyr”

540164
"ABŞ-nyň  FETÖ/PDÝ-niň Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy bilen hiç hili arabaglanşygy ýok"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kerby ýurdunyň Fetullahçy terror guramasy-döwlete garşy paralel ulgam FETÖ/PDÝ-niň Türkiýedäki 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny aýtdy.

Kirby gündelik metbugat ýygnagynda gandöküşikli agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda ABŞ-nyň bardygy hakynda öňe sürülýän garaýyşlara garşylyk görkezdi we “Türkiýe diňe hyzmatdaşymyz däl eýsem şol bir wagtda dostumyzdyr” diýdi.

Kirby terror guramasy DEAŞ-e garşy guralýan operasiýalarda Türkiýäniň esasy rol oýnaýandygyny we bu meselede Waşington bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etjekdigini aýtdy.

“Fetullahçy terror guramasy-döwlete garşy paralel ulgam FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Fetullah Gülen Türkiýe yzyna berilmän halatynda ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar bozularmy?” diýlen soraga jogap beren Kirby “Biz Gülen we onuň yzyna berilmegi hakynda yzygiderli gepleşik geçirýäris. Güleniň yzyna berilmegi meselesi subutnamalara esaslanýar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar