Germaniýanyň Mýunhen şäherinde guralan hüjümde 9 adam ýogaldy

Hüjümi guran adamyň eýranlydygy ýolbaşçylar tarapyndan mälim edildi

535847
Germaniýanyň Mýunhen şäherinde guralan hüjümde 9 adam ýogaldy

Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki söwda merkezinde we onuň golaýynda guralan hüjümde jemi 9 adam ýogaldy, 27 adam ýaralandy.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Mýunihdäki hüjümde ýogalan 9 adamyň 3-siniň türkdigini mälim etdi.

Wakadan soň hüjümçi öz janyna kast etdi. Polisiýa gullugy hüjümçiniň 18 ýaşyndaky asly eýranly bolan Germaniýanyň raýatydygyny habar berdi.

Wakadan soň köpçülikleýin ulaglaryň saparlary bes etdirildi, şäherdäki şüweleň ýerleri, naharnanalar we käbir ýollar ýapyldy.

Mýunhen şäheriniň polisiýa gullugy şäheriň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazlygyny nygtady.

Polisiýa gullugynyň resmileri hüjümçiniň ýeke özüniň hereket edendigini, wakanyň terror guramasy DAEŞ bilen arabaglanşygynyň ýokdugyny habar berdi. Hüjümçiniň polisiýa merkezlerinde bellige alynmandygy we psihologik bejergi alýandygy resmiler tarapyndan beýan edildi.



Degişli Habarlar