Harby harby agdarlyşyk synanşygyna Makedoniýa berk garşylyk görkezdi

Döwlet ministri Furkan Çako Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy hakynda TRT-ä ýörite beýanat berdi

534251
Harby harby agdarlyşyk synanşygyna Makedoniýa berk garşylyk görkezdi

Türkiýede başdan geçirlen harby harby agdarlyşyk synanşygyna Makedoniýa berk garşylyk görkezdi.

Makedoniýanyň Döwlet ministri Furkan Çako halk tarapyndan saýlanan hökümete goldaw berýändiklerini nygtady.

Daşarky maýa goýumlardan jogapkär Döwlet ministri Furkan Çako Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy hakynda TRT-ä ýörite beýanat berdi.

Çako “Makedoniýada ýaşaýan türkler hökmünde ene watanymyz Türkiýede başdan geçirilýän wakalar bilen hemişe bolşy ýaly ýakyndan gyzyklanmaga we watanymyza goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.

Çako “Ene watanymyza “Gün milli ygtyýar günüdir” ýüzlenmesini bermek isleýäris. Ene watanymyz Türkiýä, Prezident R. T. Erdogana, saýlanan hökümete, halk deputatlaryna goldaw bermek günüdir. Şol çäkde Türkiýede ýaşaýan ahli Rumeli we balkan jemagatyny hem şol garaýşa laýyklykda hereket etmäge çagyrýaryn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar