ABŞ şu ýyl Siriýaly 10 müň bosguny kabul eder

"ABŞ bosgunlaryň bilim, saglygy goraýyş we azyk mätäçligi üçin 439 million dollar bagyşlar”

528282
ABŞ şu ýyl Siriýaly 10 müň bosguny kabul eder

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Siriýaly 10 müň bosguny kabul etjekdiklerini aýtdy.

Kerri Döwlet sekretarlygynda Oraza baýramyna bagyşlanyp geçirlen çärede ýurdunyň Siriýadaky asuda ilata we beýleki ýurtlardaky siriýaly bosgunlara kömek bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Kerri “ABŞ şu ýyl Siriýaly 10 müň bosguny kabul eder. ABŞ bosgunlaryň bilim, saglygy goraýyş we azyk mätäçligi üçin 439 million dollar bagyşlar”diýdi.

Stambulda, Dakkada we Medinede guralan terrorçylykly hüjümler sebäpli şu ýyl Oraza baýramynyň baýramçylyk atmosferasynda geçirlip bilinmändigini aýdan Kerri, terrora garşy birlikde hereket etmek çagyryşyny berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda Oraza baýramyna bagyşlanyp geçirlen çärä ýerli we daşary ýurtly diplomatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we Amerikaly syýasatçylar gatnaşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama şu ýyl Siriýaly 10 müň bosguny kabul etjekdiklerini aýdypdy.

Obamanyň şol meýilnamasyny esasan hem Respublikan partiýanyň agzalary berk tankyt edipdi..

ABŞ häzire çenli diňe 1000-e golaý bosguny kabul etdi.

 

 

 


Etiketkalar: #bosgun , #bagyşlamak

Degişli Habarlar