ABŞ Ahraruş Şam we Jeýşül Yslam toparlaryny terrorçy topar hökmünde görmeýär

“BMG-nyň terror topary hökmünde ykrar edýän toparlary çaknyşyklaryň bes edilmegi şertnamasyna degişli edilmeli däl”

528242
ABŞ  Ahraruş Şam we Jeýşül Yslam toparlaryny terrorçy topar hökmünde görmeýär

ABŞ Siriýada söweşýän oppozision Ahraruş Şam we Jeýşül Yslam toparlaryny terrorçy topar hökmünde görmeýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Kirby gündelik metbugat ýygnagynda Döwlet sekretary Kerriniň  Ahraruş Şam we Jeýşül Yslam toparlaryny Al Nusra we DAEŞ bilen arabaglanşykly terror guramasy hökmünde kesgitländigi hakynda öňe sürülýän garaýyşlar barada durup geçdi.

ABŞ-nyň Siriýa syýasatynyň üýtgemändigine ünsi çeken Kirby “BMG-nyň terror topary hökmünde ykrar edýän toparlary çaknyşyklaryň bes edilmegi şertnamasyna degişli edilmeli däl” diýdi.

Kerriniň çykyşynda “DAEŞ we Al Nusra bilen arabaglanşykly käbir toparlar” diýen sözüniň Ahraruş Şam we Jeýşül Yslam toparlaryny öz içine almaýandygyny aýdan Kirby “Kerriniň sözleri Siriýadaky çylşyrymly ýagdaýa ünsi çekýär”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar