ABŞ-nyň Goranmak ministri Owganystana bardy

ABŞ Owganystana berýän goldawyny dowam etdirjekdiginiň ýüzlenmesini berdi

527947
ABŞ-nyň Goranmak ministri  Owganystana bardy

Owganystandaky esgerleriniň sanyny azaltmakdan ýüz öwüren ABŞ Owganystana berýän goldawyny dowam etdirjekdiginiň ýüzlenmesini berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Eş Kartyr Yraga guran saparyndan soň Owganystana bardy.

Kartyr ilki paýtagt Kabulyň golaýyndaky Bagram harby bazasyna baryp gördi.

Kartyr Owganystanyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen hem duşuşar.

Owgan howpsyzlyk güýçleriniň çykdajylary NATO agza ýurtlar tarapyndan gidirilýär. Emma galplyk we zulum garaýyşlary Owganystanyň  howpsyzlyk güýçleriniň mertebesine ýaramaz täsirini ýetirýär.

NATO-nyň geçen hepde Warşawada geçirlen maslahatynda 2017-nji ýyla çenli 12 müň esgeriň Owganystanda iş alyp barmagy hakynda karar kabul edilipdi.

 



Degişli Habarlar