Tanzaniýada awtobus heläkçiligi boldy

Wakada 30 adam ýogaldy

524180
Tanzaniýada awtobus heläkçiligi boldy

Tanzaniýanyň merkezindäki Singida sebitinde iki awtobusyň biri-biri bilen çakyşmagynyň netijesinde 30 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy.

Sebitiň Polisiýa gullugynyň ýolbaşçysy Tobias Sedoýeka Şinýanga-Darüsselam ýolunda iki awtobusyň biri-birleri bilen çakyşmagynyň netijesinde 30 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Sedoýeka awtobusyň sürüjileriniň biriniň wakadan 45 minut öň ýokary tizlik sebäpli duýduryş alandygyny mälim etdi.

Awtobuslaryň şol bir firma degişlidigini bellän Sedoýeka heläkçilikden ozal sürüjileriň awtobuslary ýakynlaşdyryp biri-birine salam bermäge synanyşandygyny habar berdi.

Tanzaniýanyň günorta-günbataryndaky Morogora sebitinde düýn bolan ulag heläkçiliginde bolsa 12 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar