Amerikada musulmanlara guralýan hüjümler artýar

Amerikanyň Tehas ştatynda musulman lukman erte namazyny okamak üçin metjide barýarka tüpeňli we pyçakly hüjüme sezewar boldy

523460
Amerikada musulmanlara guralýan hüjümler artýar

Iki ok degen musulman lukmanyň saglyk ýagdaýy agyr.

Hüjüm Hýuston şäheriniň Medresa Islamiýe Mesjidi Nur atly metjidiň öňünde guraldy.

Metjidiň metbugat geňeşçisi Muhammed Imaduddin ýerli metbugata beren beýanatynda erte namazyny okamak üçin gelen lukman ulagyny goýanyndan soň metjide tarap ýöräp gelýärkä hüjüme sezewar bolandygyny belledi.

“Häzirki wagtda syýasy ýagdaý öräk gorkunç” diýen Imaduddin diňe 1 hepdäniň dowamynda Hýustondaky musulmanlara ençeme gezek hüjüm guralandygyny habar berdi.

Ýüzleri maskaly bolan hüjümçileriň lukmany ilki bilen pyçaklandyklaryny, ondan soň bolsa tüpeň bilen atandyklaryny bellän şaýatlar hüjümçileriň wakanyň bolan ýerinden pyýadalap gaçandyklaryny nygtadylar.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar