Owganystan dartgynly bomagynda galýar

Bolan soňky çaknyşykda 27 adam ýogaldy

Owganystan dartgynly bomagynda galýar

Talibanly başbozarlar Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynyň Gurziwan etrabyndaky goragçylara hüjüm gurady. Ýüze çykan çaknyşykda 27 adam ýogaldy.

Farýabyň Içeri işler müdüri Saýid Aaka Anderabi Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda başbozarlaryň etrapda gözegçilik işlerini ýerine ýetirýän goragçylara ýaragly hüjüm guranyndan soň çaknyşygyň ýüze çykandygyny habar berdi.

Çaknyşykda 26 Talibanly başbozaryň we 1 goragçylaryň serkerdesiniň ýogalandygyny bellän Anderabi 5 goragçynyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Anderabi howpsyzlyk güýçleriniň sebite gelmeginden soň başbozarlaryň gaçandygyny belledi.

Taliban tarapyndan waka bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar