"Halkara jemgyýetçiligi siriýaly bosgunlar meselesinde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeli"

Şa Abdullah BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

517658
"Halkara jemgyýetçiligi siriýaly bosgunlar meselesinde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeli"

Iordan Şasy Abdullah halkara jemgyýetçiligine siriýaly bosgunlar meselesinde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek çagyryşyny berdi.

Şa Abdullah BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen esasan hem terrora we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş meselesi seljerildi.

Mesele hakynda Iordan Şalygy tarapyndan berlen beýanata görä, Siriýada başdan geçirilýän wakalary “halkara adamzat krizisi” hökmünde häsiýetlendiren we ýurdunyň serhetlerine howp abanmagynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýdan Şa Abdullah, “Halkara jemgyýetçiligi siriýaly bosgunlar meselesinde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeli” diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun hem telefon söhbetdeşliginde Iordaniýanyň Siriýa serhedinde ýerleşýän Rukban etrabynda howpsyzlyk güýçlerini nyşana alan terrorçylykly hüjüm sebäpli Şa Abdullaha gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar