Owganystanyň demirgazygynda 5 Talibanly başbozar öldürildi

Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduz welaýatynda guralan howa hüjüminde Talibana agza 5 başbozar öldürildi

515019
Owganystanyň demirgazygynda 5 Talibanly başbozar öldürildi

Kunduzyň Içeri işler müdüri general Muhammed Kasim Jengelbag Kunduz welaýatynyň Ymam Sahip etrabynda NATO degişli uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 5 başbozaryň öldürilendigini habar berdi.

Howa hüjüminde ýogalan adamlaryň arasynda guramanyň wajyp serkerdeleriniň biriniň bardygyny aýdan Jengelbag operasiýanyň dowam edýändigini belledi.

Taliban tarapyndan waka bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi.

Iki gün ozal hem Kunduz welaýatynyň Daşti Arçi etrabynda guralan howa hüjüminde 6 başbozar öldürilipdi.



Degişli Habarlar