Ýaponiýada 3 hepde-de 4 adam aýylaryň hüjümi sebäpli ýogaldy

Halka tokaýa gitmezlikleri hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýada 3 hepde-de 4 adam aýylaryň hüjümi sebäpli ýogaldy

Ýaponiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Kazuno şäherinde 3 hepde-de 4 adam aýylaryň hüjümi sebäpli ýogaldy.

Kazuno polis merkeziniň metbugat geňeşçisi Noboru Abukawa jesetlerde uly dişleriň yzlaryna gabat gelendiklerini nygtady.

Abukowa şol adamlary aýylaryň öldürendiginiň anyklanylandygyny ýatlatdy.

Ýolbaşçylar sebitdäki tokaýda özlerinden habar alynmadyk raýatlary dikuçarlar bilen gözleýärkä birnäçe aýy görendiklerini nygtadylar we halka tokaýa gitmezlikleri hakynda duýduryş berdi.

Daşky gurşaw ministrliginiň görkezijilerine görä 2014-2016-njy ýyllaryň aralygynda 168 aýynyň hüjümi sebäpli 176 adam ýaralandy ýada ýogaldy.

 

 

 


Etiketkalar: Ýaponiýa , duýduryş

Degişli Habarlar