Mewlüt Çawuşogly Şri Lankada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Mýanmadan soň indi bolsa Şri Lanka bardy

Mewlüt Çawuşogly Şri Lankada saparda bolýar

Sapar Türkiýeden Şri Lanka Daşary işler ministri derejesinde guralan ilkinji sapar aýratynlygyna eýe.

Ol ýerde birnäçe duşuşyk geçirjek Çawuşogly iki ýurduň arasynda diplomatiýa, bilim, maglumat çalşygy we dokumentasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk ediljekdigi barada özara düşünişmek memorandumyna gol çeker.

Duşuşyklarda başda Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi TIKA tarapyndan bolmak bilen Türkiýäniň Şri Lanka eden kömekleri ara alynyp maslahatlaşylar.

Daşary işler ministri Çawuşogly saparyndan ozal Pakistanyň Daşary işler ministri Sartaž Aziz bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki soňky wakalar ele alyndy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Şri Lankadan soň Owganystana barar.



Degişli Habarlar