BMG Ýewropada göz tussaglygyna alynan bosgunlaryň sanynyň ýokarlamagyna alada bildirýär

Türkiýe BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň maslahatlaryna synçy ýurt hökmünde gatnaşýar

510076
BMG Ýewropada göz tussaglygyna alynan bosgunlaryň sanynyň ýokarlamagyna alada bildirýär

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komisary Zeýd Raad Al Hüseýin Ýewropada göz tussaglygyna alynan bosgunlaryň sanynyň ýokarlamagyna alada bildirýändigini aýtdy.

BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň 32-nji oturlyşygynda çykyş eden Zeýd Raad Al Hüseýin  Gresiýada we İtaliýada bosgunlaryň bellige alyş merkezleriniň göz asty merkezleri ýagdaýyna gelendigini nygtady.

Zeýd Raad Al Hüseýin “Ýewropada göz tussaglygyna alynan bosgunlaryň sanynyň köpelmegi bizi aladalandyrýar” diýdi.

Hüseýin hosarsyz çagalaryň hem dikenli simler bilen gurşalan göz asty merkezlerinde saklanýandygyna we Ýewropa ýurtlarynda bosgunlara garşy çykyşlara hem alada bildirýändigini we şol çykyşlaryň daşary ýurt duşmançylygyna sebäp bolýandygyna ünsi çekdi

Hüseýin sentýabr aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryň Gresiýadan we İtaliýadan 160 müň bosguny ýaňadandan ýerleşdirmäge söz berendigini ýatlatdy.

Adam hukuklary meselesine garalýan BMG-nyň esasy organy bolan Geňeşiň 47 agzasy bar.

Türkiýe BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň maslahatlaryna synçy ýurt hökmünde gatnaşýar.

 



Degişli Habarlar