Şri Lankada ok-däri ammarlarynyň birinde partlama boldy

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

504703
Şri Lankada ok-däri ammarlarynyň birinde partlama boldy

Şri Lankada ok-däri ammarlaryň birinde bolan partlamada 1 esger ýogaldy.

Ýurduň paýtagty Kolombonyň gündogaryndaky Salawa diýilen ýerinde bolan wakada şeýle hem 1 esger agyr ýaralandy.

5 sagat dowam eden partlama we ýüze çykan ýangyn adamlary aladalandyrdy.

Granata we beýleki ok-däriler töwerege syçrady.

Partlama sebäpli golaýdaky 5 km meýdanda ýaşaýan adamlar howpsyz ýerlere göçürildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar