Boko Harama garşy operasiýada 32 esger ýogaldy

Çaknyşygyň netijesinde şeýle hem 15 esger ýaralandy

504193
Boko Harama garşy operasiýada 32 esger ýogaldy

Nigeriýada ýurduň Ýaragly güýçleri bilen terror guramasy Boko Harama agza terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 32 esger ýogaldy.

Nigeriýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä ýurduň günorta-gündogaryndaky Poso şäherinde howpsyzlyk güýçleri bilen terror guramasynyň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşygyň netijesinde şeýle hem 15 esger ýaralandy.

Guramanyň ýurduň günorta-gündogaryndaky Diffa sebitinde penşenbe güni guran hüjüminde-de asuda ilatdan 8 adam ýogalypdy, ençeme dükan talanypdy.



Degişli Habarlar