Hindistanda polis bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynlyk

Oppozisionerler sebitde takmynan 2 ýyl bäri hökümete garşy protestler guraýar

503639
Hindistanda polis bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynlyk

Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar Pradeş welaýatynda polisiýa gullugynyň işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 24 adam ýogaldy.

Polisiýa gullugy Swadheen Bharat Subhaş Sena atly syýasy partiýany goldaýan adamlaryň guran protestlerinde duýduryşlara garamazdan dargamaýan demonstrantlara garjaşylmagy sebäpli ýüze çykan dartgynlykda 200 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdiler.

Oppozisionerler sebitde takmynan 2 ýyl bäri hökümete garşy protestler guraýar.

Demonstrantlaryň talap edýän zatlarynyň başynda nebitiň bahalarynyň arzanladylmagy gelýär.



Degişli Habarlar