Indoneziýada ýer titremesi boldy

Indoneziýada 6,5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýada ýer titremesi boldy

Ýer titremesi Indoneziýanyň Sumatra adasynyň golaýyna boldy.

Resmiler ýer titremäniň tsunaminiň ýüze çykmagyna sebäp bolmajakdygyny bellediler.

Ýer titremesi sebäpli sebitde gysga wagtlyk elektrik toklar kesildi.

Ýer titremäniň güýç merkezi kenara 140 km alysda, ýeriň 50 km aşagyndady. Tebigy heläkçilikde ýogalan ýa-da ýaralanan adam bolmady.

2004-nji ýylda Indoneziýada ýer titremesinden soň bolan tsunamide 230 müňden gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar