Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Soňky hüjümlerde asuda ilatdan ýene-de 15 adam ýogaldy

Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýada Asada bagly güýçleriň we Russiýa degişli harby uçarlaryň Halap şäherindäki oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 15 adam ýogaldy, 35 adam ýaralandy.

Halapyň Haýan, Kefr Hama, Hreýtan we Anadan diýilen ýerlerine ýene-de 40 howa hüjümi guraldy.

Hüjümleriň netijesinde ýaralanan adamlar golaýdaky göçme hassahanasyna alynyp gidildi.

Beýleki tarapdan oppozisionerleriň gözegçiligi astynda bolan beýleki bir şäher bolan Idlibde bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 5 adam ýogaldy.

11 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjüm şäherdäki metjitleriniň biriniň öňünde jumga namazy okalýan wagty guraldy.


Etiketkalar: namaz , Idlib , Halap , Siriýa

Degişli Habarlar