G7-ä girýän ýurtlaryň maslahaty öz işine başlady

Senagat taýdan ösen ýurtlaryň liderlerini özünde jemleýän G7-niň maslahaty Ýaponiýanyň Kaşikožima adasynda başlady

G7-ä girýän ýurtlaryň maslahaty öz işine başlady

Agza ýurtlaryň liderleri maslahatyň açylyş dabarasynda İse-Şime etrabyndaky taryhy Şinto ybadathanasynyň öňünde Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe tarapyndan garşylandy.

Abe soň bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron, İtaliýanyň Premýer ministri Mateo Renzi we Kanadanyň Premýer ministri Ýustin Trudeu bilen ýadygärlik surat aldyrdy.

G7-niň maslahatlaryna ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunker hem gatnaşýar.

42-njisi geçirilýän we iki gün dowam etjek maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolsa global ykdysadyýetde durnukly ösüş, terrorçylyga garşy göreş we Ýewropadaky bosgun meselesi.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasy, Hytaýyň gündogar we günorta Hytaý deňzinde hökmürowanlyk talap etmegi, Ýakyn Gündogarda dowam edýän wakalar, bosgunlar meselesi, terrorçylyga garşy göreş, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan işleri hem maslahatda ara alynyp maslahatlaşyljak daşary syýasat ugurlary hökmünde ünsleri çekýär.

Ýer eýesi Ýaponiýanyň resmi Pekine garşy hyzmatdaşlyk üçin gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen pikir alyşmagyna garaşylýar.

Maslahata G7-ä agza ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen ykdysady ýolbaşçylary, ÝB-den wekiller hem gatnaşýar.

Şri-Lankanyň Prezidenti we Wiýetnamyň Premýer ministri hem maslahata çagyrylanlaryň hatarynda.

1970-nji ýyllardan başdan geçirilen ykdysady çökgünlige garşy göreşmek maksady bilen döredilen topar, Ýaponiýanyň we Kanadanyň goşulmagy bilen G7 ýa-da Ýedilik topar atlandyrylmaga başlandy.

Topar 1998-njiýylda Russiýanyň gatnaşmagy bilen G8 atlandyryldy, emma resmi Moskwanyň Krymy anneksiýasyndan soň kabul edilen çäklendiriş karary sebäpli 2014-nji ýylda Russiýanyň agzalygy saklandy.

G7 Ýaponiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Fransiýadan, İtaliýadan, Britaniýadan we Kanadadan emele gelýär. Toparda ÝB-ne hem wekilçilik edilýär.


Etiketkalar: G7 , maslahat , Ýaponiýa

Degişli Habarlar