Talibanyň lideri nyşana alynyp howa hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Owganystan-Pakistan serhedinde Talibanyň lideri Molla Ahtar Muhammed Mansury nyşana alyp hüjüm gurandyklaryny mälim etdi

495421
Talibanyň lideri nyşana alynyp howa hüjüm guraldy

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Piter Kuk ýazmaça beren beýanatynda Talibanyň lideri Mansuryň ýurduň paýtagty Kabul bilen birlikde Owganystanyň ähli ýerinde ençeme hüjümiň guralmagynda eliniň bardygy we owgan halkyna, howpsyzlyk güýjüne we halkara hyzmatdaş güýçlerine howp salýandygy mälim edilýär.

Beýanatda: “Mansur Talibanyň liderlerine çaknyşyklaryň bes edilmegini üpjün etjek parahatçylyk gepleşiklerinde Owgan hökümetiniň ýanynda bolmagyny gadagan edip Owganystanyň hökümeti bilen Talibanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýyulmagyna böwet bolýar” diýilýär.

Beýanatda Talibanyň ozalky lideri Molla Ömeriň ölmeginden we Mansuryň lider bolmagyndan bäri müňlerçe asuda ilatyň we howpsyzlyk güýjüniň ölüminden jogapkärdigi bellenýär.

Molla Mansuryň hüjümde ölüp-ölmändigi barada maglumat berilmeýän beýanatda “Hüjümiň netijelerini entek barlaýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar