Susana Malkorra BMG-nyň Baş sekretarlygyna dalaşgärlige hödürlendi

9 dalaşgär  BMG-nyň Baş sekretarlygy üçin dalaşgärlige hödürlendi

495168
Susana Malkorra BMG-nyň Baş sekretarlygyna dalaşgärlige hödürlendi

Argentinanyň Prezdenti Makri Daşary işler ministri Susana Malkorrany BMG-nyň Baş sekretarlygyna dalaşgärlige hödürledi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda BMG-na ýazylan hatda Prezident Makriniň Malkorranyň halkara derejesinde iş alyp barýan guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylygyny ýerine ýetirip biljek tejribä eýedigi nygtaldy.

Malkorra ozal BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň kömekçisi we birinji orunbasary wezipelerini ýerine ýetiripdi.

Makriniň dekabr aýynda Prezidentlige saýlanmagy bilen birlikde Malkorra hem 2015-nji ýylyň 31-nji dekabrynda BMG-nyň baş sekretarynyň baş kömekçisi wezipesinden çekildi we Argentinanyň Daşary işler ministri hökmünde bellendi.

Malkora Twitter arkaly beren beýanatynda Prezident Makriniň özüni BMG-nyň Baş sekretarlygyna dalaşgärlige hödürlemek bilen uly ynam bildirendigi sebäpli minnetdarlygyny bildirdi.

BMG-nyň baş sekretary, BMG-nyň Baş Assambleýasynda agza 193 ýurt tarapyndan 15 agzaly Howpsyzlyk geňeşiniň maslahat bermeginde saýlanýar.

Malkora bilen birlikde häzire çenli 5-i erkek, 4-i zenan jemi 9 dalaşgär  BMG-nyň Baş sekretarlygy üçin dalaşgärlige hödürlendi.

 


Etiketkalar: #BMG , #dalaşgär

Degişli Habarlar