"Iki döwletli çözgüdi kabul eden halatynda Ysraýyl bilen gepleşiklere başlamaga taýar"

Abbas Ysraýylyň Meretz partiýasynyň baş sekretary Mossi Razyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi

493128
"Iki döwletli çözgüdi kabul eden halatynda Ysraýyl bilen gepleşiklere başlamaga taýar"

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, iki döwletli çözgüdi kabul eden halatynda Ysraýyl bilen gepleşiklere başlamaga taýardyklaryny aýtdy.

Abbas Ysraýylyň Meretz partiýasynyň baş sekretary Mossi Razyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Abbas kabul edilşikden soň beren beýanatynda “Biz Ysraýylyň hökümeti ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygyny bes eden halatynda serhetler meselesiniň çözülmegi üçin gepleşiklere başlap bileris. Ysraýylly ýolbaşçylar parahatçylyk isleýän bolsa iki döwletli çözgüdi kabul etmeli”diýdi.

Mahmud Abbas Fransiýanyň Palestina-Ysraýyl meselesiniň çözülmegi üçin başladan tagallasyna hem goldaw berýändigini belledi.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Aýrault 30-njy maýda paýtagt Parižde Ysraýyl-Palestina meselesine garaljak halkara konferensiýanyň geçiriljekdigini aýdypdy.

Konferensiýa ABŞ, Russiýa, ÝB, BMG, Arap Ligasy, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi bilen birlikde 20 ýurduň wekiliniň gatnaşjakdygy nygtaldy.

Aýrault geçen hepdäniň ahyrynda Ysraýylda we Palestinada saparda boldy we Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu we Palestinanyň Prezidenti Mahmut Abbas bilen duşuşdy.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri, Ysraýylyň 1967-nji ýyldaky serhetleri ykrar etmeýändigi we ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygyny togtatmandygy sebäpli 2014-nji ýylyň aprel aýynda saklanypdy.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #dartgynlyk

Degişli Habarlar