Müsürli meýletinler “tussaglylary halas ediň” atly kampaniýa başlatdy
“Dem almak isleýärin”, “bogulan tussagly” şygary bilen alnyp barylýan kampaniýa ünsleri özüne çekýär.
![Müsürli meýletinler “tussaglylary halas ediň” atly kampaniýa başlatdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/da8e/862c/e72b/573953e5a55de.jpg?time=1736864231)
Müsürli meýletinler aşa yssy howalar sebäpli geçen ýyllardaky ýaly tussaglykdaky ynsanlaryň ýogalmagynyň öňüni almak üçin 5 dilde “tussaglylary halas ediň” atly kampaniýa başlatdy.
Fajebook we Twitter arkaly berlen beýanatda tussaghanlarda kiçi penjerelerinden daşary arassa howada dem almagyň gaty kyndygyna üns çekildi we arassa howa ýetmezçiligi sebäpli tussaglylaryň infarkt bolýandygy nygtaldy.
Arap, iňlis, fransuz, italiýan we nemes dillerinde başladylan “Dem almak isleýärin”, “bogulan tussagly” şygary bilen alnyp barylýan kampaniýa ünsleri özüne çekýär.
Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministrligi hem howanyň ýyllygynyň 49- derejä çenli baryp ýetendigi üçin halka ünsli bolmaklary hakynda duýuduryş berdi.
Müsürde soňky iki ýylda aşa yssy howa tolkuny sebäpli tussaghanalarda ýogalýanlaryň sany köpelýär.
Degişli Habarlar
![Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/4df2/af67/f9ba/676960e347e3d.jpg?time=1736864232)
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gaza Sektoryna guralýan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 46 müň 645 adama ýetdi.