ABŞ-nyň Eýranyň milliard dollarlyk emlagyny saklamagyna garşylyk görkezildi

“Eýranyň halkyna we merkezi bankyna degişli şol pulyň Amerikanyň hasabyna geçmegine asla rugsat bermeris”

488116
ABŞ-nyň Eýranyň milliard dollarlyk emlagyny saklamagyna  garşylyk görkezildi

ABŞ-nyň Eýranyň şol ýurtdaky 2 milliard dollarlyk emlagyny saklamagyna Prezident Hasan Ruhani berk garşylyk görkezdi.

Ruhani Kerman şäherinde halka ýüzlenip eden çykyşynda mesele hakynda halkara kaziýete ýüz tutjakdyklaryny aýtdy.

Eýranyň lideri “Eýranyň halkyna we merkezi bankyna degişli şol pulyň Amerikanyň hasabyna geçmegine asla rugsat bermeris” diýdi.

Hasan Ruhani “Mesele hakynda ýakynda Halkara kaziýete ýüz tutarys. Halkyň pulynyň halkyň gaznasyna yzyna berilmegi üçin tagalla ederis” diýip belledi.

Mejlisiň başlygy Ali Larijani hem şu gün Mejlisde eden çykyşynda ABŞ-nyň Eýranyň emlagyny saklamagyna berk garşylyk görkezipdi.

ABŞ-nyň Ýokary kaziýeti geçen aý terrorçylykly hüjümlerde ýogalanlaryň maşgalalaryna tölenmegi üçin Eýranyň ABŞ-daky 2 milliard dollara golaý emlagynyň saklanmagy hakynda karar kabul edipdi.

 


Etiketkalar: #emlak , #saklanan

Degişli Habarlar