Ýewropa gitmäge synanşýan bosgunlaryň umyt ýolagçylyklary gün saýyn azalýar

Bosgunlar bikanun ýollardan Egeý deňzinden we Ortaýer deňzinden Ýewropa ýurtlaryna geçmäge synanşmady

486082
Ýewropa gitmäge synanşýan bosgunlaryň umyt ýolagçylyklary gün saýyn azalýar

Maý aýynyň ilkinji 5 gününde bosgunlar bikanun ýollardan Egeý deňzinden we Ortaýer deňzinden Ýewropa ýurtlaryna geçmäge synanşmady.

Içerki uruş, ykdysady we syýasy näbellilikler sebäpli ýurtlaryny terk edip Ýewropa gitmäge synanşýan bosgunlaryň umyt ýolagçylyklary gün saýyn azalýar.

Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeligi Egeý we Ortaýer deňzinde geçen ýyl 91 müň 611 bosguny tussag etdi.

Umyt ýolagçylyklarynyň üstümizdäki ýylyň ilkinji 3 aýlyk döwründe depgini ýokarlan bolsa-da Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda bikanun göçe we adam söwdasyna garşy göreş maksady bilen gazanylan ylalaşygyň 20-njy martda güýje girmeginden soň azaldy.

Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeligi Egeý we Ortaýer deňzinde ýanwar aýynda 5 müň 506, fewral aýynda 8 müň 747, mart aýynda 8 müň 530 adamy tussag etdi.

Şol san ilkinji gezek Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşygyň täsiri bilen  aprel aýynda 80 göterim aşaklady.

Bikanun ýollardan Egeý deňzinden grek adalaryna deňiz ýoly arkaly geçmäge synanşan bolmady diýen ýaly.

 


Etiketkalar: #bikanun göç , #azalmak

Degişli Habarlar