Halapdaky çaknyşyklarda 85 adam ýogaldy

Siriýada düýn gazanylan 48 sagatlyk ylalaşyga garamazdan Halapdaky çaknyşyklar welaýatyň oba ýerlerinde dowam edýär

485682
Halapdaky çaknyşyklarda 85 adam ýogaldy

Halapyň günortasyndaky iki aýry nokatdaky çaknyşyklarda we howa hüjümlerinde ýene-de 85 adam ýogaldy.

Asada bagly güýçleriň gözegçiligi astyndaky strategik taýdan wajyp oba bolan Han Tuman obasy Nusra fronty tarapyndan ele salyndy, ýüze çykan çaknyşykda 73 adam ýogaldy.

Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Um Karamil obasyna Asadyň güýçleriniň barrel bombasy bilen guran hüjüminde 12 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.

Idlibiň Sarmada şäherçesiniň golaýyndaky Kamune çadyr şäherçesiniň nyşana alynyp guralan hüjümde 27 adam ýogaldy. Hüjüme dünýä jemgyýetçiligi taýdan reaksiýalar bildirilýär.

BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Stefan Obraýan hüjümiň söweş jenaýatynyň düzümine alynyp bilinjekdigini belledi.


Etiketkalar: #Siriýa , #Halap , #günorta , #Nusra

Degişli Habarlar