Mun Halapda çaknyşyklaryň güýçlenmegine we asuda ilatyň ýitgi çekmegine uly alada bildirýär

Mun ylalaşygyň bozulmagynyň has köp adamyň ýogalmagyna sebäp boljakdygyna ünsi çekdi

483093
Mun Halapda çaknyşyklaryň güýçlenmegine we asuda ilatyň ýitgi çekmegine uly alada bildirýär

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun çaknyşyklaryň bes edilmagy baradaky ylalaşygyň Halap şäheriniň başda durmagynda Siriýadaky beýleki şäherleri hem öz içine almagy üçin çagyryş berdi.

Baş sekretar Pan Gi Mun şol ylalaşygyň dolulygynda bozulmagynyň has köp adamyň ýogalmagyna sebäp boljakdygyna ünsi çekdi.

BMG-nyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanata görä, Baş sekretar Pan Gi Mun Halap şäherinde we töwereklerinde çaknyşyklaryň güýçlenmegine we asuda ilatyň ýitgi çekmegine uly alada bildirýär.

Siriýadaky degişli taraplara çaknyşyklaryň bes edilmegi we asuda ilatyň goralmagy üçin çagyryş beren Pan Gi Mun, paýtagt Damasky we Latakiýa şäherini öz içine alýan wagtalýyn ylalaşygyň Halap şäheriniň başda durmagynda beýleki şäherlerde hem güýje girmegini isledi.

 


Etiketkalar: #BMG , #ylalaşyk , #asuda ilat

Degişli Habarlar