Pakistanda datly iýen 23 adam ýogaldy

Pakistanda datly satýan dükandan satyn alan datlyny iýen 23 adam ýogaldy

478249
Pakistanda datly iýen 23 adam ýogaldy

Penjap welaýatynyň Karor Lal Esan sebitinde ýaşaýan Ömer Haýat 17-nji aprelde agtygynyň doglan gününi bellemek üçin datly satyn aldy.

Emma datlyny iýen Ömer Haýat, onuň 7 dogany we 2 çagasy jemi 10 adam ýogaldy.

Içeri işler müdürligi tarapyndan berilen beýanatda şol datly dükandan datly alyp ýogalan adamlaryň sanynyň 23-e ýetendigi mälim edildi.

Zäherlenen 52 adamyň bejergiler hassahanalarda dowam edýär.

Datly satýan dükanynyň golaýynda mör-möjekleri öldürýän dermanlary satýan dükanyň bardygy we ol ýerde abatlaýyş işleri geçirilemegi sebäpli dermanlaryň wagtlaýynça datly dükanyna goýulandygy bellendi.

Polisiýa gullugy datly bişirýäniň ýalňyşlyk bilen mör-möjek dermanlaryndan ulanan bolup biljekdigini nygtaýar.

Datly dükanyny dolandyran 2 dogan we 1 işgär göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar