ABŞ PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä ýarag we or-däri kömegini bermedi

Baş ilçi Bass terror guramasy sözüni ulanmady

466617
ABŞ PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä ýarag we or-däri kömegini bermedi

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Jon Bass ýurdunyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä ýarag we or-däri kömegini bermändigini aýtdy.

Baş ilçi Bass Türkiýäniň PÝD/ÝPG baradaky aladalaryna düşünýändiklerini nygtady emma terror guramasy sözüni ulanmady.

“PKK hüjümlerini bes etmegi we ýaragyny taşlamagy hakynda ýene-de bir gezek çagyryş berýäris" diýen baş ilçi Bass: “Türkiýäniň terror guramasyna garşy göreşmek ýurduny we raýatlaryny goramak hukugy bar" diýip belledi.



Degişli Habarlar